Loading...
Tebigat WEPALYLYGYŇ NUSGASY Barataly Baratalyýew
Syýahat žurnaly
20.10.2021
 Soňky ýyllarda diňe Türkmenistan ýurdumyzda däl-de eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabay itleriniň muşdaklarynyň sany barha köpelýär we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar.
          Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly çuň manyly kitaby alabaý itleriniň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barda gürrüň berýär. Bu esede dünýäde giň meşhurluga eýe bolan alabaý tohumynyň gelip çykyşy barada köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglar oýlanmalar, taryhy we edebi maglumatlar getirýär.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhmmedow dürli ýyllarda türkmen bedewlerine,türkmen halysyna, aýdym-saz sungatyna, medeniýetine umuman milli gymmatlyklarymyzyň ençemesine ýörite eserleri bagyşlady. Türkmen alabaýy hakyndaky kitap, döwlet Baştutanymyzyň milli aýratynlyklarymyza belent sarpasynyň nobatdaky güwäsidir.
         Türkmen alabaýyny yzygiderli kopeltmek,halk seçgil usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp halkara derejä ýetirmek maksady bilen,ýurdumyzda 2020-nji ýylyň maýynda “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi.
          Häzirki wagtda Assosiasia tarapyndan ýurdumyzyň Ahal welaýatynda türkmen alabaý itleriniň karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde bolsa Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşyk işleri alynyp barylýar.Munuň özi halkymyzyň wepaly ýoldaşy milli buýsanjy hasaplaýan alabaý itleri barada edilýän aladalaryň ýurt derejesinde özüniň oňyn netije berýändigini subut edýär.
          Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, halkara “Türkmen alabaý itleri”assosiasiýasy tarapyndan “Türkmeniň nusgalyk alabaý” žurnaly döredildi.Bu neşirde çap edilýän makalalarda, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işiniň kanunçylyk üpjinçiligi we ylymy usulyýet esaslary barada, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däpleriniň dowamlylygny üpjün etmekden, halk tohumçylygynyň usullaryny hem-de häzirki zaman ylymyň gazananlaryny ulanmak arkaly onuň iň gymmatly häsiýetlerini kamilleşdirmekden ybaratdyr.
         Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýip atlandyrlan 2021-nji ýylda türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek we ony türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde her ýylyň aprel aýynyň  soňky ýekşenbesinde bellemek barada, şeýle-de itşynaslary sylaglamak maksady bilen hormatly atlary döretmek hakynda, hem-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medalyny döretmek hakynda kabul eden resminamalary türkmen alabaýyna, ony şeýle, eýesine wepaly derejede terbiýeleýän itçynaslara goýulýan hormaty, sarpany aňladýar çünki türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda milli ruhda ýetişdirip umumyadamzat gymmatçylygyna goşan türkmen alabaýy-halkymyzyň milli baýlygydyr.
         Geljekde ýurdumyzda maslahatlar, sergileri, bilen bir hatarda türkmen alabaýynyň gözellik bäsleşiklerini we beýleki halkara çäreleri  hem-de ylymy maslahatlary yzygiderli geçirmek türkmen alabaýlaryny dünýä derejesinde mahabatlandyrmaga uly itergi berer.
Tebigat Çigildem gülüniň taryhy Bahar Atayewa
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň mugallymy
11.10.2021