Loading...
Syýahatçylyk desgalary Şährihaýbar ýadygärligi Aman Behranow
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri
21.10.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy hem-de taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenilýär we halk arasynda giňden wagyz edilýär. «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» tassyklanmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ajaýyp ýadygärlikleriň biri hem Şährihaýbardyr.

Şährihaýbar taryhy-arheologik ýadygärligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň merkezinden 10 kilometr demirgazykda, Gökdepe daýhan birleşiginiň demirgazyk çetinde ýerleşýär. Geçmişe ser salsak bu ýadygärlik Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý-Ürgenç şahasynda ýerleşip, esasy söwda nokatlarynyň biri bolupdyr.

Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, Şährihaýbarda IX asyryň birinji ýarymynda ýaşaýyş başlap, XIII asyryň başlarynda eýýäm şäherçe taşlanypdyr. Umumy tutýan meýdany 9 gektar töweregi bolan bu ýadygärlik üç bölekden (ark, şähristan we rabad) ybarat bolup, onuň içki galasynyň (arky) üstüniň giňligi (diametri) 60-70 metre barabar bolan tegelek görnüşli depedir. Onuň ekin meýdanynyň derejesinden belentligi 10-11 metre barabardyr. Depäniň üsti belli bir derejede tekiz bolup, diňe günbatar tarapy birneme ýapgydy emele getirýär we depäniň çygrynda has giňäp gidýär. Şeýlelikde, onuň üstiniň meýdany 0,4 gektar, aşaky düýbüniň meýdany bolsa 1 gektar töweregedir. Gazuw-barlag işleri ýadygärligiň gündogar böleginde, gala diwarynyň hem-de oňa ýanaşyk gurlan binagärlik galyndylarynyň üsti açylar ýaly 5x15 metr ölçegde alnyp baryldy.

Şährihaýbar ýadygärliginde geçirilen arheologik barlaglaryň dowamynda ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda maddy medeniýetimize degişli bezeg önümleri aýratyn orny eýeleýär. Bezeg önümleriniň arasynda dürli görnüşdäki monjuklar ýasalan çig maly boýunça tapawutlandyryp, toparlara bölmek bolýar. Olaryň arasynda aýnadan, daşdan, süňkden hem-de keramikadan sünnälenip nepislik bilen ýasalan monjuklar hem duş gelýär.

Şährihaýbar ýadygärliginde ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda keramikadan ýasalan monjuklar hem köp duş gelýär. Olaryň köpüsi kaşindan ýasalyp, üsti pöwrize reňkli syrça bilen syrçalanypdyr. Şeýle häsiýetli monjuklar Günorta Türkmenistanda giňden meşhurlyga eýe bolupdyr. Kaşin monjugynyň şeýle görnüşleri Şähryslam ýadygärliginiň içki galasyndan hem ýüze çykaryldy. Şähryslam hem-de Şährihaýbar ýadygärliklerinden şeýle meňzeş monjuklaryň tapylmagy, olaryň özara baglanyşygyna we beýleki orta asyr şäherleri bilen medeni-söwda gatnaşyklarynyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär.

Umuman, gazuw meýdançasyndan tapylan bezeg önümleri belli bir taryhy döwre, ýagny ösen orta asyrlara degişli bolup, esasan,  XII-XIII asyrlar bilen senelenýär. Şährihaýbarda şol taryhy döwürde ýaşaýşyň bolandygyny orta asyr ýazuw çeşmeleriniň maglumatlary hem tassyklaýar. Orta asyr arap taryhçysy Makdisiniň, As-Samanynyň,  arap geografy Ýakut Hamawynyň eserlerinde bu şäher birnäçe gezek ýatlanylýar we Şähristan diýlip atlandyrylýar.

Gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan gymmatlyklar Şährihaýbar ýadygärliginiň taryhyny, ol ýerde ýaşan oturymly ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, jemgyýetiň medeni ösüşini öwrenmekde ähmiýetli maglumatlary berýär. Gazuw işleri geçirilen meýdançadan köp mukdarda keramika bölekleriniň ýüze çykarylmagy, ol ýerde senetçiligiň giňden ösendigini aňladýar. Şeýlelikde, Şährihaýbar ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan bezeg önümleri orta asyrlara degişli medeni-taryhy ýadygärlikleriň medeniýetini we sungatyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Bu tapyndylar, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Şährihaýbaryň hem-de beýleki orta asyrlara degişli döwürdeş ilatly ýerleriň öz aralarynda ysnyşykly medeni-söwda gatnaşygynyň ösendigini görkezýär.