Loading...
Şahsyýetler Gözli ata Oraznabat Saparowa
Syýahat žurnaly
11.10.2021

Taryhyň gatbar-gatbar sahypalarynyň dürli döwürlerinde bolup geçen möhüm wakalaryň şaýatlary bolan, mukaddes we keramatly hasaplanylyp, zyýarat edilýän ähmiýetli ýerler milletiň watansöýüjilik pelsepe garaýyşlarynda möhüm orunlary eýeleýär we taryh, medeniýet, tebigat bilen baglanyşykly gymmatly milli miraslaryň belli bir bölegini emele getirýär.

Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň birnäçe görnüşleri bolup olaryň biri-de zyýarat syýahatçylygydyr. Zyýarat syýahatçylygy diýlip keramatly ýa-da mukaddes hasaplanylýan ýerlere baryp görmek, milli ýörelgelik we dini çärelere gatnaşmak maksatly syýahatçylykdyr. Halk arasynda «zyýarat» sözi diňe bir dini ugurlar boýunça ulanylmaýar, bu söz dini keramatlyklary baryp görmeklik, milli mukaddeslikleri baryp görmeklik, taryhy ýerleri baryp görmeklik, hassanyň ýanyna baryp ýagdaýyny soramaklyk üçin hem ulanylýar.

Türkmenistanda zyýarat maksatly gelim-gidimli ýerleriň biri hem zyýarat syýahatçylygyna degişli bolan Gözli atanyň ýatan ýeridir.

Gözli atanyň gubury Garagumda, Türkmenbaşy şäheriniň 150 kilometr demirgazyk-gündogarynda Çilmämmetgum bilen Akgyr dag ulgamynyň aralygynda ýerleşýär. Ol ýerde iki sany ýanaşyk duran kümmetiň biri Gözli atanyň beýlekisi bolsa, onuň ýanýoldaşy Aksuluw enäniň kümmetleridir. Dört reňkli, dört dagdan emele gelen tebigy gala bilen gurşalan oýuň içinde ýerleşýän bu keramatly ýere zyýarata gelýänleriň sany-sajagy ýok. Bu ýerde Türkmenistanyň ähli künjeginden, şeýle hem goňşy ýurtlardan gelýän zyýaratçylary kabul etmek maksady bilen myhmanhana we sadaka bermek üçin ähli şertler döredilen toplum gurulypdyr.

Gözli ata ýa-da Hasan ata XII-XIII asyrlarda ýaşap geçipdir. Ol atalaryň soňky neslibaşysydyr diýip ýazuw çeşmelerde ýatlanyp geçilýär. Şol döwürlerde Hoja Ahmet Ýasawynyň dini taglymatlaryny dowam etdirijiler öz adynyň yzyna ata diýen hormatly at derejesini dakypdyrlar. Olaryň biri hem Balkan türkmenleriniň arasyna sopuçylygy wagyz eden Hasan ata ýa-da Ahsan şyhdyr. Urug başy bolan Hasan atanyň ady golýazmalarda we beýleki taryhy çeşmelerde Hasan, Uzyn Hasan, Gul Gedaýy, Gözli ata ýaly lakamlar bilen duş gelýär. Bu barada türkmenleriň nusgawy şahyrlary Magtymguly, Durdy şahyr, Misgingylyç, Nedir şahyr (Kuraýyş) we beýlekiler öz goşgy setirlerinde agzap geçýärler. Meselem, Magtymgulynyň «Ot nedir» goşgusynda:

«Gözli ata, Baba Selman şypa ber» diýen setiri bar.

Gözli ata 1110-njy ýylda Horezmde dogulýar we dini mekdepde okaýar. Gözli atanyň Hoja Ahmet Ýasawynyň elinde okanlygy barada ýazuw gollanmalarda maglumatlar bar. Äleme meşhur pir Hoja Ahmet Ýasawa gol berip sopy bolanlarynda Hasan ata 40-41 ýaşlarynda ekeni. Ol döwründe yslam dini ylmy boýunça öwredilenleri bir kemsiz ele alyp, 50 ýaşlarynda okuwy tamamlaýar. Hasa synagyndan üstünlikli geçip, döwrüniň atly-abraýly pirleriniň hataryna girýär. Hasa synagy diýilmeginiň sebäbi, Hoja Ahmet Ýasawy ylmy ýetik sopularyna pata berip, olaryň hersini bir ýurda ýollaýar. Süzük (Goçgar) ata öňünden goç gaçyryp «Goçy tutan ýeriň seniň mekanyňdyr» diýip, Kesearkaç tarapa ugradýar. Hekim (Süleýman) atany «Münen düýäň nirede çökse şol ýer seniň mekanyňdyr» diýip, Ürgenje tarap pata berip goýberýär. Gözli ata bolsa, «Hasanyň düşen ýeri seniň mekanyňdyr» diýýar. Ol hem hasanyň düşen ýeri bolan Balkana tarap ýol alýar.

Halypasynyň oklan hasasyny tapan ýeke-täk okuwçysydygy hakynda rowaýat hem bar. Onda: - Hoja Ahmet Ýasawy öz hasasyny ak öýüň tüýnüginden göz ýetmejek ýere oklapdyr. Keramatly Ýasawynyň hasasy Balkan daglaryna baryp düşüpdir we şol ýerde dikilip miwesi dertlere derman bolýan agaja öwrülipdir. Şol hasany diňe Hasan ata tapypdyr diýip aýdylýar.

Gözli ata Mangyşlak we Üstýurtda yslam dini okuwyndan ders berip başlaýar, şeýle hem sufi (sopuçylyk) mekdebine ýolbaşçylyk edýär.

Gözli ata Maňgyşlakda gazak hany Janybegiň gyzy Aksuluwa öýlenipdir. Dilden-dile geçip gelen rowaýatlara görä, han: «Kim-de-kim gark bolan oglumy halas etse, şoňa sowgat-serpaý ýapjak» diýýär, öz içinden bolsa «Gyzym Aksuluwy berjek» diýip pikir edýär. Şol wagt Gözli ata peýda bolýar, ol hanyň gözüniň alnynda deňize ýüp atyp ogluny halas edýär we öz ýoly bilen gidiberýär. Han uly toý tutýar, ogluna bolsa haýyrly iş eden kişini tapyp gelmegi buýurýar. Ogly uzak gözleglerden soň ahyry öz halasgärini tapýar: «Bu ýagşylygyňa näme sowgat bereýin» diýip, han garşysynda duran daýaw, güýçli horaşan geýinen adamdan soraýar. Gözli ata «Näme wada eden bolsaňyz şony beriň» diýýär. Içinden eden pikirini okanlygyny aňan baý sözünde durup, gyzy Aksuluwy Gözli ata gelin edip berýär.

Ýene birinde eli hümmet hasaly, egni galandar lybasly, ak selleli, gök guşakly Gözli ata Balkana gelýärkä, ýoly ýazlaga çykan gazak çarwalarynyň üstünden inýär. Öýüň kölegesinde ýanlyk ýaýyp duran gyzdan çal soraýar we çaly içip, okarany yzyna uzadanda «Çeşmesine bereket, Taňryýalkasyn» diýýär. Gyzyň ýanlygyndaky gatyk gudrat bilen tutuşlygyna ýaga öwrülýär. Gyz bu wakany kakasyna gürrüň berýär. Han muňa geň galýar we ony tapyp getirmeklerini buýurýar. Yz çalyp giden hyzmatkärler Gözli atany tapyp getirenlerinde han onuň ýönekeý bir adam däldigini aňýar we gyzyny bermegi makul bilýär. Iki tarapyň razyçylygyny alanyndan soňra uly toý tutup, Gözli atany öýlendirýär.

Başga bir rowaýatda Gözli ata hanyň batgalykda heläk bolan kerwenini halas edipdir, şonuň üçin han keramatly piri sylap oňa öz gyzyny beripdir diýilýär. Bu rowaýatlaryň ählisinde Gözli atanyň gazak hanynyň gyzy Aksuluwa öýlenenligi barada aýdylýar. Gözli ata barada, onuň keramaty, adamlara eden ýagşyygy barada başga-da rowaýatlar, aýtgylar örän köpdür.

Gözli atanyň Nur ata, Omar ata, Ybyk ata (Ybraýym ata) diýen üç sany ogly, Aýsulu we Akbibi diýen iki gyzy bolupdyr. Häzirki zamanda Gözli atanyň üç oglundan bolan nesilleri Türkmenistanyň, Eýranyň, Garagalpagystanyň dürli welaýatlarynda ýaşaýarlar. Gyzlarynyň biri Gerkeze, beýlekisi bolsa ärsary taýpasyna gelin bolup gidýär we başga taýpa-tirelerde Gözli atanyň garyndaşlyk bagyny döredýärler. Gözli ata atalaryň şejeresinde 25-nji arkasy bolup, ol atalaryň iň soňky nesilbaşysy diýip hasaplanylýar.

Hasan atanyň  telepatiýa -(pikirleri we duýgulary aradaşlyga berip bolýar diýen ylmy taýdan tassyklanylmadyk hadysa), göze görünmezlik ýaly birnäçe adaty bolmadyk aýratyn ukyplarynyň bolanlygy barada rowaýatlardan bellidir.

Hasan ata barada aýdylýan sada we ýönekeýje hekaýalarda halkyň 110 ýaşap dünýäden öten, taryhyň agyr pitneli we sarsgynly zamanynda adamlaryň kalbyny päklik we merhemetlilik bilen aýdyňlaşdyran gudratly adama bolan çuňňur söýgüsi şöhlelendirilýär. Hakykatda bolsa, ol durmuşa we birnäçe ylma akyl ýetiren örän parasatly dana bolupdyr. Uçursyz zehinli lukman Hasan ata hassalary bejermekde lukmanlaryň ylmy tejribesini ulanypdyr, häzirki döwürde oňa lukmançylygyň adaty däl usuly (tebipçilik) diýilýär.

Täsin öňden görüjilik ukybynyň bolanlygy üçin halk oňa Gözli ata diýen lakamy dakypdyr. Onuň geljegi görüp aýdan zatlary haýran ediji takyklygy bilen amala aşypdyr. Gözli ata öz ýaşan döwründe dindarlara hormat goýupdyr we goldapdyr, olar hem ruhy goltgusy üçin Hasan ata minnetdar bolupdyrlar.