Loading...
Tebigat Çigildem gülüniň taryhy Bahar Atayewa
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň mugallymy
11.10.2021

Alym Arkadagymyz  “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly lukmançylyk  ensiklopedik işini ýazmak bilen, lukmançylyk ylymynyň ösüşine uly itergi berdi. Bu kitaplarda ýurzdumyzda duşýan ösümlikler barada diňe maglumat bermek bilen çäklenmän, eýsem, olardan kesel bejermek üçin dürli serişdeleriniň taýýarlanyşy barada hem giňişleýin gürrüň edilýär. Ýurdumyzda ösümlikleriň 3000-den gowragy duş gelýär, şolaryň 2000-den gowragy derman ösümlikleridir. Hormatly Prezidentimiziň  “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” eserinde “Büzeniň çigildemi” barada giňişleýin beýan edilýär. Büzeniň çigildemi düzlik-dag derman ösümligidir. Ösümlik diýarymyzda  merkezi Köpetdagda, Gündogar Köpetdagda, Bathyzda duşýar.

Çigildem giňden ýaýran ýazky owadan gülleriň biri bolup adamzadyň köp asyrlyk taryhyna şaýatdyr.

Çigildem gülüniň watany – Ýakyn Günbatar hasap edilýär. Eýýäm XI asyrda bu gül türk-seljuklaryň medeniýetiniň nyşany bolupdyr. Osman imperiýasynda çigildem gülleri parahatçylygyň, asudalygyň we täzeçilligiň nyşany hasaplanypdyr. XV asyrda Konstantinopolda (Stambul) gülleri ýetişdirmek meşhurlyga eýe bolýar. Çigildem güli keramiki plitalarda, hojalyk enjamlarynda we şaý-seplerde suratlandyrylýar. Çigildem gülüni türk soltanlary, öz baglarynda ýetişdiripdirler.  Fars şahyry Hafiz çigildem güli hakynda: “Onuň päkize ajaýyplygy bilen hatda bägüli hem deňeşdirip bolmaýar”, diýip ýazýar. Gadymy golýazmalaryň birinde: “Bu gülüň owadan tawus guşunyň aýdymynyň bolmaýşy ýaly, ysy ýok. Muňa garamazdan, çigildem reňkli ýapraklary, wajyp tawus guşy bolsa – adaty däl ýelekleri bilen meşhur”, diýip belleýär. Şeýle hem, Orta asyrlarda çigildem Owganystanda we Eýranda meşhurlyga eýe bolýar.

Ýewropalylar ilkinji gezek çigildem bilen Wizantiýada tanyşýarlar. XVI asyryň 60-njy ýyllarynda söwdagärler we täjirler çigildem gülleriniň köküni Awstriýa, Fransiýa, Germaniýa getirýärler. Şeýdip çigildem gülleri Ýewropany gurşap alýar. Ilkibaşda çigildemler patyşalaryň köşklerinde ýetişdirilip, olar baýlygyň we meşhurlygyň nyşany bolupdyr. Çigildem gülüniň ilkinji görnüşleri Gollandiýada “Tulipa gesneriana1570-nji ýylda döreýär.

Russiýada çigildemleriň ýabany görnüşleri XII asyrda meşhur bolýar, emma onuň görnüşleriniň kökleri ilkinji gezek Russiýa 1702-nji ýylda Pýotr I patyşalygynda Gollandiýadan getirilýär.

Ýabany ösýän çigildem gülleri, olaryň tebigy ösýän ýerleri XV asyrda öwrenilip başlanylýar. Häzirki wagtda dünýäniň ençme ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanyň hem dürli künjeklerinde ýabany ösýän çigildem gülleri gabat gelýär. Olar özüniň owadan reňkleri we gözelligi bilen ynsanlara şatlyk paýlaýar.

Şu wagyt çigildem güliniň iň köp ýaýran ýeri Gollandiýa hasaplanylýar.Kokinkof seýilgähine çigildem güliniň dürliligni görmäge her ýyl milýonlarça syýahatçylar gelýärler. Bu seýilgähi bilen tanyşmak üçin jahankeşdeler welosipedli aýlanýarlar we dikuçarlardan ýokardan tanyşýarlar.